Fransiýa, Russiýa-Ukraina Söweşi Sebäpli Gündogar Ýewropa Ýurtlaryna Esger Ornaşdyrar
Fransiýa, Ýewropanyň gündogar ganadyndaky ýurtlara harby topar, tank we sowutly ulag ugradar.
Fransiýa, NATO-daky harby güýjüni has-da güýçlendirmek üçin Ýewropanyň gündogar ganadyndaky ýurtlara harby topar, tank we sowutly ulag ugradar.
Fransiýanyň Goranmak ministri Sebastiýan Lekornýu, Senatda eden çykyşynda, Prezident Emmanuel Makronyň, NATO-nyň gündogar ganadyndaky ýagdaý we Ukrainadaky çaknyşyklar sebäpli Ruminiýa sowutly ulagyň we tankyň ornaşdyrylmagy hakynda karar kabul edendigini aýtdy.
Ministr Lekornýu, ýurdunyň mundan başgada Litwa harby uçar, Estoniýa hem harby topar ugratjakdygyny ýatlatdy.
Degişli Habarlar
“ABŞ-nyň Başda Durmagynda Hyzmatdaşlarymyzdan Ýarag Kömegine Garaşýarys”
Wladimir Zelenskiý, ýurdunda saparda bolýan NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg bilen duşuşdy.
Kolumbiýada harby dikuçar ýere gaçdy
Kolumbiýada harby dikuçaryň ýere gaçmagy netijesinde 9 harby ýogaldy