“NATO Agza Ýurtlarda Uly Ähmiýete Eýe Bolan Infstrukturalar Goralmaly”

Stolberg bilen Bodskow, Belgiýanyň paýtagty Brýusselde duşuşdy.

1885780
“NATO Agza Ýurtlarda Uly Ähmiýete Eýe Bolan Infstrukturalar Goralmaly”

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg bilen Daniýanyň Goranmak ministri Morten Bodskow, Demirgazyk Akym turba geçiricisindäki syzyp çykmalardan soň infstrukturanyň goralmagy hakynda pikir alyşdy.

Stolberg bilen Bodskow, Belgiýanyň paýtagty Brýusselde duşuşdy.

Stoltenberg duşuşyk hakynda Twitterden beren habarnamasynda, Daniýanyň NATO-nyň esasy agzalaryndan biridigini we Bodskow bilen Demirgazyk Akym 1 we Demirgazyk Akym 2 turba geçiricilerinde Şwesiýanyň we Daniýanyn suw giňişligindäki syzyp çykmalar hakynda pikir alyşandyklaryny belledi.

Stoltenberg “NATO agza ýurtlarda uly ähmiýete eýe bolan infstrukturalaryň goralmagy hakynda pikir alyşdyk” diýdi.

Daniýada we Şwesiýada Russiýa degişli Demirgazyk Akym 1 we Demirgazyk Akym 2 turba geçiricilerinde 3 syzyp çykmagynyň bardygy habar berlipdi we gämileriň şol zolara girmezlikleri üçin duýduryş berlipdi.

Daniýa bilen Şwesiýa syzyş çykmalaryň heläkçilik däl eýsem bilkastlaýyn edilendigini öňe sürdi.

 



Degişli Habarlar