Ruminiýa, Türkiýeden 18 Sany Baýraktar Uçarmansyz Howa Ulagyny Satyn Almak Isleýär

Parlamentde gymmaty 300 million ýewro barabar bolan satuw tassyklanan halatynda iki ýurduň arasynda gepleşikler başlar

1874715
Ruminiýa, Türkiýeden 18 Sany Baýraktar Uçarmansyz Howa Ulagyny Satyn Almak Isleýär

Ruminiýa, Türkiýeden 18 sany Baýraktar uçarmansyz howa ulagyny satyn almagy meýilleşdirýär.

Ruminiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde berlen habarda, Ruminiýanyň Goranmak ministrliginiň parlamentden 18 sany Baýraktar uçarmansyz howa ulagynyň satyn alynmagyny talap edendigi nygtaldy.

Parlamentde gymmaty 300 million ýewro barabar bolan satuw tassyklanan halatynda iki ýurduň arasynda gepleşikleriň başlajakdygy bellenildi.

Habarda Baýraktar uçarmansyz howa ulagynyň Ukraina söweşinde uly üstünlikler gazanandygy ýatladyldy.

Ýerli we milli mümkinçilikler bilen öndürlen Baýraktar uçarmansyz howa ulagy 24 ýurda eksport edildi.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar