“Putin Tebigy Gazy Ýarag Hökmünde Ulanýar”

Ursula fon der Laýen, Wladimir Putin sebäpli Ýewropada energetika bazarynda uly kynçylygyň başdan geçirilýändigini aýtdy.

1873998
“Putin Tebigy Gazy Ýarag Hökmünde Ulanýar”

ÝB Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Laýen, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin sebäpli Ýewropada energetika bazarynda uly kynçylygyň başdan geçirilýändigini aýtdy.

Ursula fon der Laýen, Daniýada geçirlen Energetika howpsyzlygy sammitinde eden çykyşynda, Ýewropanyň energetika bazarynda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda durup geçdi.

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Putiniň tebigy gazy” ýarag” hökmünde ulanýandygy sebäpli, elektrik togynyň we tebigy gazynyň nyrhynyň artýandygyny belledi.

Fon der Laýen, energetika bazarynyň durnukly ýagdaýda işlemegi üçin degişli kanuny üýtgetmeleriň girizilmegi üçin işe girişilendigini nygtady.

Ýewropa ýurtlarynda soňky döwürde elektrik togynyň we tebigy gazyň nyrhy gün saýyn artýar.

 



Degişli Habarlar