Şweýsariýa tebigy gazyň sarp edilşini azaltmagy maksat edinýär

Şweýsariýanyň hökümedi, energiýa krizisiniň ýaramaz täsirleriniň öňüni almak üçin gyş paslynda tebigy gazyň sarp edilşini 15 göterim azaltmagy maksat edinýär

1872569
Şweýsariýa tebigy gazyň sarp edilşini azaltmagy maksat edinýär

Şweýsariýanyň hökümedi tarapyndan berilen beýanatda, 2022-nji ýylyň oktýabr aýy bilen 2023-nji ýylyň mart aýlary aralygynda ýurt derejesinde tebigy gaz talap we sarp edilşiniň azaldylmagy üçin meýletinlilik esasynda tygşytlylyk kampaniýasynyň başladylandygy habar berildi. 

Şol çäkde öňümizdäki ýyl, gyş pasly gutarýança çenli tebigy gazyň ulanylşynyň 15 göterim tygşytlanylmagynyň maksat edinilýändigi aýan edildi. 

Tygşytlylyk kampaniýasynyň jikme-jikliginiň sentýabr aýynda yglan ediljekdigi habar berildi. 

Beýleki tarapdan energiýa krizis sebäpli ýurtda gyş möwsüminde elektrik togunyň kesilmek ähtimallygynyň bolmagy sebäpli, Şweýsariýada elektrik generatorlara bolan talaby artdyrdy. 



Degişli Habarlar