Hytaý ABŞ-nyň Wekiller mejlsiniň başlygynyň Taýwana guran saparyny ýazgardy

Hytaý ABŞ-nyň Wekiller mejlisiniň başlygy Nensi Pelosiniň Taýwana guran saparyny ýazgardy

1862949
Hytaý ABŞ-nyň Wekiller mejlsiniň başlygynyň Taýwana guran saparyny ýazgardy

Hytaýyň Daşary işler ministrligi, düzüminde Nensi Pelosi bolan uçaryň Taýwana gonmagyndan soň çap eden beýanatynda, Hytaýyň garşlygyna we protestlerine garamazdan guralan saparyň "Bir Hytaý" ýörelgesiniň we Hytaý-ABŞ diplomatik gatnaşyklarynyň esasyny emele getirýän "Üç Umumy Jarnamadaky" wadalaryň düzgünini berk ýagdaýda bozýandygy mälim edildi.

Hytaýyň garşy bolan şol sapary ýazgarylandygy we ABŞ-ny protest edilendigi bellenen beýanatda: "Şol çemeleşme ot bilen oýnamak ýaly, örän howply. Ot bilen oýnaýan özüni ýakar" diýip bellendi.

Beýanatda Nensi Pelosiniň saparynyň Hytaýyň özbaşdaklygyny we territorial bütewiliginiň düzgünini bozýandygy, Taýwan aýlagyndaky parahatçylyga we durnuklylyga ýaramaz täsir ýetirýändigi, Taýwanyň garaşsyzlygynyň tarapdary bolan separatist güýçlere ýalňyş ýüzlenme bolýandygy bellenip: "Dünýäde diňe bir Hytaý bardyr we Taýwan onuň topragynyň aýrylmaz bir bölegidir. Hytaý Halk Respublikasynyň hökümedi bütin Hytaýyň ýeke täk kanuny wekilidir" diýip habar berildi. 

Hytaýyň Daşary işler ministri Wan I hem Nensi Pelosiniň Taýwana guran saparyny ýazgardy. 



Degişli Habarlar