Eýrandaky sil apatynda 4 adam ýogaldy

Eýranda aşa ýagan ýagyşlar sebäpli emele gelen sil apatlary sebäpli ýogalanlaryň sany 4 adama, ýaralananlaryň sany bolsa 9 adama ýetendigi habar berildi

1860659
Eýrandaky sil apatynda 4 adam ýogaldy

Aşa ýagan ýagyşlar düýn agşam ýurduň paýtagty Tähran şäherini we onuň töweregini öz täsiri astyna aldy. 

Aşa ýagan ýagyşlar sebäpli emele gelen sil apaty, Ymamzada Dawut sebitinde 4 adamyň ýogalmagyna, 9 adamyň bolsa ýaralanmagyna eltdi. 

Sebitde sil suwy sebäpli dereksiz ýitendigi çak edilýän adamlar üçin bolsa gözleg we halas ediş işleri başladyldy. 

Sil apaty sebäpli Içeri işler ministri Ahmed Wahidi, Eýranyň Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň başlygy Pir Hüseýin Koliwend, Tähranyň welaýat häkimi Ali Ryza Zakani we Adatdan daşary ýagdaýlar merkeziniň resmileri nobatdan daşary maslahat geçirdiler. 

Ýurduň Prezident Ebrahim Raisi gözleg we halas ediş işleriniň çaltlandyrylmagy we sil sebäpli zyýan çeken raýatlara gerek bolan goldawlaryň berilmegi üçin Içeri işler ministrligine, Tähranyň welaýat häkimligine we Eýranyň Gyzyl ýarymaý jemgyýetine degişli görkezmeleri berdi. 


Etiketkalar: #sil apaty , #Eýran

Degişli Habarlar