" PKK, ÝB-ne Agza Ýurtlarda Terror Guramasy Hökmünde Kabul Edildi"

Ýens Stoltenberg, ÝB-NATO maslahatynyň netijejleri hakynda beýannama berdi.

1855084
" PKK, ÝB-ne Agza Ýurtlarda Terror Guramasy Hökmünde Kabul Edildi"

 

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, ekstremist terror guramasy PKK-nyň, Şwesiýa we Finlýandiýa bilen birlikde ÝB-ne agza ähli ýurtlarda terror guramasy hökmünde kabul edilendigini aýtdy.

Ýens Stoltenberg, Ýewropa Parlamentiniň ýolbaşçylyk etmeginde Ispaniýanyň paýtagty Madritde geçen aý geçirlen ÝB-NATO maslahatynyň netijejleri hakynda beýannama berdi.

Şwesiýa bilen Finlýandiýanyň NATO agzalyk etaby hakynda durup geçen Stoltenberg, “Türkiýe bilen gazanylan üçtaraplaýyn ylalaşyk halka açyk. Her bir adam okap biler. Ylalaşyk gazanylan ugurlar şol tekstde bar” diýdi.

Ylalaşyga laýyklykda üç ýurduň terrora garşy göreşde ýakyndan hyzmatdaşlyk etjekdigini nygtan NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, “PKK ÝB-ne görä terror guramasy. PKK, Şwesiýa we Finlýandiýa bilen birlikde ÝB-ne agza ähli ýurtlarda terrorçy hökmünde kabul edilýär. Maglumat çalşygy, bilelikde işleşmek we terrorçylaryň yzyna berilmegi baradaky talaplara jogap bermek makul we diýseň möhüm” diýip belledi.



Degişli Habarlar