ABŞ-da ýene-de bir ýaragly hüjüm guraldy

ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky öýleriň birinde geçrilen oturylyşykda guralan ýaragly hüjümde 3 adam ýogaldy, 2 adam ýaralandy

1854371
ABŞ-da ýene-de bir ýaragly hüjüm guraldy

Kaliforniýa ştatynyň Dauni şäherindäki öýleriň birinde geçirilen oturylyşykda ýaragly hüjüm guraldy. 

Ýerli wagt bilen sagat 00:45-de wakanyň bolan ýerine baran polisiýa işgärleri, öýde 4-si erkek jemi 5 ýaraly adamyň bardygyny anyklady. 

Ýaralanan adamlaryň 3-si wakanyň bolan ýerinde ýogalan bolsa, 2 adam hassahana ýatyryldy. 

Polsiýa gullugy hüjümiň näme sebäpli guralandygyny anyklamak üçin derňew işini dowam etdirýär. 



Degişli Habarlar