ABŞ-da Garaşsyzlyk güni bilen bagly dabarada ýaragly hüjüm guraldy

ABŞ-nyň Illinoýs ştatynda, 4-nji iýul Garaşsyzlyk güni bilen bagly dabarada guralan ýaragly hüjümde 6 adam ýogaldy, 24 adam ýaralandy

1851873
ABŞ-da Garaşsyzlyk güni bilen bagly dabarada ýaragly hüjüm guraldy

Highland Park sebitiniň şefi Lu Džogmen Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçirilen dabarada guralan ýaragly hüjümde 6 adamyň ýogalandygyny, ýaralanan 24 adamyň bolsa hassahanalarda bejergi astyna alynandygyny mälim etdi.

Lu Džogmen media beren beýanatynda, şübhe astynda bolan adamyň şahsyýetiniň anyklanmagyndan soň polisiýa gullugy tarapyndan başladylan gözleg işleriniň netijesinde saklanandygyny habar berdi. 

Şoňa laýyklykda polisiýa gullugynyň işgärleriniň wakanyň başdan geçirilen ýerinden takmynan 8 km demirgazygynda ulagyny saklan hüjümçi, 22 ýaşly amerikanyň raýaty gysga wagt soň göz tussaglygyna alyndy.



Degişli Habarlar