Guterrriş Litwany we Russiýany Dartgynlykdan Çetde Durmaga Çagyrdy

BMG-niň baş Sekretary Antoniu Guterriş Litwanyň Russiýanyň Kaliningrad şäherine haryt gatnadylmagyna goýan çäklendirmesinden soň taraplary dartgynlygy möwjetjek beýanatlardan we hereketlerden çetde durmaga çagyrdy.

1846699
Guterrriş Litwany we Russiýany Dartgynlykdan Çetde Durmaga Çagyrdy

BMG-niň baş sekretarynyň metbugat wekili Stefan Dužarrij BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab kwartirasynda geçiren metbugat ýygnagynda Guterrişiň Russiýa bilen Litwanyň arasynda Kaliningrada geçiş boýunça başdan geçirilýän dartgynlyga “alada bildirýändigini”, taraplaryň meseläni “dialog arkaly we halkara hukuk kadalaryna laýyklykda” çözmelidigine ynanýandygyny aýtdy.

Dužarrij; “Dartgynlyga sebäp boljak meseleler bilen ýakyndan gyzyklanýarys. Bu aladalandyryjy mesele. Dartgynlygy möwjetjek beýanatlardan we hereketlerden çetde durulmaly” diýdi.

Litwa ÝB-niň sanksiýa sanawyndaky käbir harytlaryň territoriýasyndan Kaliningrada üstaşyr geçmegini gadagan edipdi, Russiýanyň Howpsuzlyk geňeşiniň Sekretary Nikolaý Patruşew bolsa ýurdunyň Litwanyň girizen çäklendirmesine gysga möhletde gaýtawul görkezjekdigini aýtdypdy.

Russiýa bilen Kaliningradyň arasyndaky ýeke-täk demir ýoly Litwanyň üstaşyr geçýär.

 



Degişli Habarlar