Zelenskiý: “Taryhy Hepdä Başlaýarys”

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý taryhy hepdä başlaýandyklaryny beýan etdi.

1845711
Zelenskiý: “Taryhy Hepdä Başlaýarys”

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý ÝB-den ýurdunyň gazalyga dalaşgärlik derejesi hakynda geljek habar bilen taryhy hepdä başlandyklaryny, şol sebäpli esasanda şu hepde Russiýanyň duşmançylykly işleriniň depginiň güýçlenmegine garaşýandyklaryny beýan etdi.

Zelenskiý gije ýaýradan wideo ýüzlenmesinde beren beýanatynda; “ÝB-den Ukrainanyň agzalyga dalaşgärlik derejesi boýunça geljek halar bilen taryhy hepdä başlaýarys” diýdi.

Bu meselede ÝB komissiýasyndan onsuz hem oňyn netije alandyklaryny beýan eden Zelenskiý; “1991-nji ýyldan bäri Ukraina üçin häzirki wagtda garaşyşymyz ýaly az sanly möhüm kararyň kabul edilendigini hemmeler bilýär. Men oňyn kararyň Ýewropanyň bähbidine boljakdygyna ynanýaryn” diýdi.

Zelenskiý aýratynam Ukrainanyň ÝB-ne agzalyk derejesi hakynda kararyň kabul ediljek hepdesinde Russiýadan ýurduna garşy duşmançylykly aksiýalaryň artmagyna garaşýandyklaryna ünsi çekip; “Diňe bir Ukraina däl, beýleki Ýewropa ýurtlaryna hem garşy. Gaýýarlyk görýäris we biz taýýar. Hyzmatdaşlarymyza duýdurýarys” diýdi.

ÝB Komissiýasy 17-nji iýunda Ukraina “dalaşgär ýurt” derejesiniň berilmegi boýunça garaýyş beýan edipdi.

ÝB Komissiýasynyň garaýyşy ÝB-niň liderleriniň 23-24-nji iýunda geçiriljek sammitinde agza ýurtlar tarapyndan döredilen ÝB Geňeşiniň garamagyna hödürlener.



Degişli Habarlar