ABŞ-da Buthana Guralan Ýaragly Hüjümde 3 Adam Ýogaldy

71 ýaşyndaky erkek hüjümçiniň buthananyň agzalarynyň gatnaşmagynda berlen naharda çem gelen ýere od açmaga başladygy bellenildi.

1845183
ABŞ-da Buthana Guralan Ýaragly Hüjümde 3 Adam Ýogaldy

ABŞ-nyň Alabama ştatynda buthana guralan ýaragly hüjümde 3 adamyň ýogalandygy, köp sanly adamyň hem ýaralanandygy habar berildi.

71 ýaşyndaky erkek hüjümçiniň buthananyň agzalarynyň gatnaşmagynda berlen naharda çem gelen ýere od açmaga başladygy bellenildi.

Wakada 3 adamyň ýogalandygy nygtaldy.

Nahara gatnaşanlardan biriniň hüjümçiniň  has köp adama ot açmagyny bökdändigi we hüjümçiniň tussag edilendigi bellenildi.

Buthananyň ýolbaşçylary wakadan soň beren beýannamasynda ABŞ-da soňky döwürde guralýan ýaragly hüjümlere ünsi çekdi we ýurtdaky ýarag edinmek kanunyna üýtetme girizilmegi üçin doga etdi.

 



Degişli Habarlar