Gazproma Degişli Desgada Partlama Boldy

Russiýada “Gazprom” açyk paýdarlar jemgyýetine degişli tebigy gaz desgasynda partlamanyň bolandygy habar berildi.

1844380
Gazproma Degişli Desgada Partlama Boldy

Russiýanyň Ýamalo-Nenes awtanomiýasynda giç ara ýurduň esasy tebigy gaz desgasynda partlama boldy.

Tebigy gaz turba geçirijileriniň birikýän ýerlerindäki basynjyň artmagy sebäpli bolan partlama Gazproma degişli tebigy gaz desgasynyň ýangyn söndüriji toparlary bilen Russiýanyň Adalatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň degişli gullugy çäre gördi.

Ýangynyň birnäçe sagat soň söndürilmeginden soň desganyň önümçilik işlerine gaýtadan başlandy. Başdan geçirilen wakanyň meýilleşdirilen gaz önümçiligine zyýan ýetmändigi habar berildi.


Etiketkalar: #partlama , #Gazprom , #Russiýa

Degişli Habarlar