Hindistan, Russiýadan Nebit Satyn Alýan Ikinji Ýurt Boldy

Hindistan maý aýynda Russiýadan 25 million barrel nebit satyn aldy.

1842934
Hindistan, Russiýadan Nebit Satyn Alýan Ikinji Ýurt Boldy

Hindistan Yrakdan soň Russiýadan iň köp nebit satyn alan ikinji ýurt boldy.

Ze Taýmes of Indianyň habaryna görä, Hindistan maý aýynda Russiýadan 25 million barrel nebit satyn aldy.

Hindistan, Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda 24-nji fewralda başlan söweşe garamazdan Russiýadan çig nebit satyn almaga dowam edýär.

Hindistanyň Nebit ministrligi geçen aý Russiýadan satyn alynan nebitiň mukdarynyň Hindistanyň sarp edýän nebitiniň jemi mukdary bilen deňeşdirilende gaty azdygyny mälim edipdi.

Hindistan, halkara bazarlarda nebitiň nyrhynyň ýokarlan döwründe has arzan bolan rus nebitinden peýdalanmagy saýlap aldy.

 Hindistan rus nebitini halkara nyrhlardan 30 dollar arzan satyn alýar.

 



Degişli Habarlar