Gazprom Akdyrylýan Tebigy Gazyň 40 Göterim Azaljakdygyny Beýan Etdi

Russiýanyň “Gazprom” ýapyk paýdarlar jemgyýeti Demirgazyk Aky turba geçirijisinden akdyrylýan tebigy gazyň 40 göterim azaljakdygyny habar berdi.

1843089
Gazprom Akdyrylýan Tebigy Gazyň 40 Göterim Azaljakdygyny Beýan Etdi

“Gazpromdan” berilen ýazmaça beýannamada Germaniýanyň “Siemens” firmasyna abatlamak üçin ugradylan käbir gaz kompressorlarynyň henize çenli yzyna gelip gowuşmandygyna üns çekildi.

Şol sebäpli diňe üç kompressoryň ulanylyp bilinjekdigine üns çekilýän beýannamada; “Demirgazyk Akym turga geçirijisine gaz üpjünçiligi meýilleşdirilen günlük 167 milliom metr kubuň ýerine häzirki wagtda 100 million metr kuba çenli beriler” diýilýär.

Demirgazyk Akym, Ýamal-Ýewropa turba geçirijisi we Ukrainada turba geçirijilerin ýany bilen rus gazyny Ýewropa akdyrýan esasy ugurlardan biri.

Firmadan berilen ozalky ýazmaça beýannamada Ýamal-Ýewropa geçirijisinden gaz akdyrmagyň bes edilendigi, Ukrainanyň üstaşyr akdyrylýan gazyň hem ýarysyna çenli azaldylandygy habar berilipdi.

 



Degişli Habarlar