Andersson: "Türkiýe bilen dialogy dowam etdirmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn" diýdi

Şwesiýanyň Premýer ministri Magdalena Andersson ýurdunyň NATO agzalyk tapgyrynda mesele çözülýänçä çenli, Türkiýe bilen dialogy dowam etdirmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny beýan etdi

1843508
Andersson: "Türkiýe bilen dialogy dowam etdirmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn" diýdi

Şwesiýanyň Premýer ministri Magdalena Andersson, Finlýandiýanyň Premýer ministri Sanna Marin we Norwegiýanyň Premýer ministri Jonas Gahr Store, Şwesiýanyň Sedertalýe şäherinde duşuşyp, güntertibiniň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy. 

Duşuşykdan soň geçirilen metbugat ýygnagynda söz sözlän Andersson, Türkiýe bilen Şwesiýanyň arasyndaky NATO gepleşikleriniň üstünde durup geçdi. 

NATO agzalyk tapgyrynda işleriň giň gerimli dowam etdirilýändigini aýdan Magdalena Andersson: "Finlýandiýa bilen bilelikde hereket edýäris. Mesele çözülýänçä çenli Türkiýe bilen dialogy dowam etdirmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn" diýip habar berdi. 

Finlýandiýanyň Premýer ministri Sanna Marin hem Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherinde şu aýyň ahyrynda geçiriljek NATO maslahatyndan ozal çözgüt tapylmagynyň möhümdigini beýan etdi. 



Degişli Habarlar