ABŞ we Hytaý güntertibiniň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar

Ak Tamdan berilen ýazmaça beýanatda, Salliwanyň we Ýangyň Lýuksemburgda ikiçäk duşuşyk geçirendikleri habar berildi

1842760
ABŞ we Hytaý güntertibiniň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar

ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Jeýk Salliwan we Hytaýyň Komunist partiýasynyň Merkezi komitediniň Daşary işler komissiýasynyň müdüri Ýang Jieçy, ýurtlaryň arasyndaky aragatnaşyk kanallarynyň açyk tutuljakdygyny beýan etdiler.  

Ak Tamdan berilen ýazmaça beýanatda, Salliwanyň we Ýangyň Lýuksemburgda ikiçäk duşuşyk geçirendikleri habar berildi.

Sebitleýin we global howpsuzlyk meseleleri bilen bagly içgin, manyly we netijeli gepleşikleriň geçirilendigi bellenen beýanatda, ABŞ-Hytaý gatnaşyklaryndaky güntertibiniň ileri tutulýan meseleleriniň ele alynandygy aýan edildi. 

Beýanatda: "Hormatly Salliwan ýurtlaryň arasyndaky bäsdeşligiň dolandyrylmagy üçin aragatnaşyk kanallarynyň açyk tutulmagynyň ähmiýedine ünsleri çekdi" diýip mälim edildi. 

Salliwan we Ýang 14-nji martda Rimde ikiçäk, 18-nji maýda bolsa telefon arkaly söhbetdeş bolupdylar. 



Degişli Habarlar