Eýranyň Kermanşah welaýatynda partlama boldy

Eýranyň Kermanşah welaýatynda 4 gatly binada bolan partlamada ilkinji kesgitlemelere görä 2 adam ýogaldy

1840423
Eýranyň Kermanşah welaýatynda partlama boldy

Tiz kömek gullugynyň metbugat geňeşçisi Müjteba Halidi beren beýanatynda: "Şu gün irden 4 gatly binada partlama boldy. Gynansagam wakada ilkinji kesgitlemere görä 2 adam ýogaldy, 4-siniň saglyk ýagdaýy agyr jemi 7 adam ýaralandy we şol san artyp biler" diýip habar berdi. 

Wakanyň bolan ýerine saglygy goraýyş işgärleriň gönükdirilendigini aýdan Müjteba Halidi: "Partlama gaz sebäpli bolan bolmagy ähtimal. Waka bilen bagly derňew işi başladyldy" diýip mälim etdi. 


Etiketkalar: #partlama , #Eýran

Degişli Habarlar