Entoni Blinken, Kataryň Daşary Işler Ministri Bilen Duşuşdy

Blinken bilen Al Sani özara we sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy.

1838739
Entoni Blinken, Kataryň Daşary Işler Ministri Bilen Duşuşdy

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen Kataryň Daşary işler ministri Muhammed bin Abdurahman Al Sani Waşingtonda duşuşdy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygyndan berlen ýazmaça beýannama görä, Blinken bilen Al Sani özara we sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy.

Entoni Blinken bilen Muhammed bin Abdurahman Al Sani, ABŞ bilen Kataryň arasynda ykdysadyýetden goranyş senagatyna çenli birnäçe ugurda edilýän gatnaşyklar hakynda giňişleýin pikir alyşdy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen Kataryň Daşary işler ministri Muhammed bin Abdurahman Al Sani şeýle hem 24-nji fewraldan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşiniň sebit ýurtlaryna ýetirýän täsirslerini we Aýlag sebitinde başdan geçirilýän soňky wakalary ara alyp maslahatlaşdy.

 

 



Degişli Habarlar