Olaf Şols Bilen Wladimir Zelenskiý Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Germaniýanyň Federal Kansleri bilen Ukrainanyň lideri telefon söhbetdeşliginde, Ukrainadaky soňky ýagdaý hakynda pikir alyşdy.

1828417
Olaf Şols Bilen Wladimir Zelenskiý Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols, Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Nemes hökümeti tarapyndan berlen beýannama görä, Germaniýanyň Federal Kansleri bilen Ukrainanyň lideri telefon söhbetdeşliginde, Ukrainadaky soňky ýagdaý hakynda pikir alyşdy.

İki lider 24-nji fewraldan bäri dowam edýän Ukraina-Russiýa söweşiniň diplomatiýa arkaly çözülmegi üçin “Russiýanyň duşmançylykly tutumyndan ýüz öwürmegi we rus goşunlarynyň Ukrainadan çekilmegi” meselesinde ylalaşyk gazandy.

Şols bilen Zelenskiý telefon söhbetdeşliginde şeýle hem Ukraina has köp ýardam berilmegi hakynda pikir alyşdy we yzygiderli aragatnaşyk saklanmagy meselesinde ylalaşyk gazandy.

 



Degişli Habarlar