“Putin Ukraina Söweşinde Ýeňiş Gazanyp Bilmez”

Olaf Şols, ýurdunyň ähli taraplaýyn Ukraina goldaw bermäge dowam etjekdigini ýatlatdy.

1823914
“Putin Ukraina Söweşinde Ýeňiş Gazanyp Bilmez”

Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň Ukraina söweşinde ýeňiş gazanyp bilmejekdigini aýtdy.

Şols, II Jahan urşunyň Ýewropada tamamlanmagynyň 77-nji ýylynda halka ýüzlenip eden çykyşynda, Russiýanyň 24-nji fewralda başladan söweşiniň haçan gutarjakdygyny aýdyp bilmejekdiklerini belledi.

Germaniýanyň Federal Kansleri “Söweşiň haçan gutarjakdygyny bilmeýäris. Emma Russiýanyň isleýän parahatçylygy bolmaz. Ukraina we biz muny asla kabul etmeris. Putin söweşde ýeňiş gazanyp bilmez. Ukraina öz barlygyny dowam etdirer. Erkinlik we howpsyzlyk üstün çykar” diýdi.

Şols, Putiniň, ukrainalylaryň medeniýetlerini we şahsyýetlerini ýok etmek isleýändigini belledi.

Russiýa garşy deňi taýy görülmedik sanksiýalaryň goýlandygyna ünsi çeken Olaf Şols, ýurdunyň ähli taraplaýyn Ukraina goldaw bermäge dowam etjekdigini ýatlatdy.



Degişli Habarlar