Ukrainanyň Baş Ştaby Russiýanyň goşunynyň çeken harby ýitgisi barada beýannama berdi

Ukrainanyň Baş ştaby, Russiýanyň goşunynyň takmynan 24 müň 200 esgerini, 194 uçaryny, 155 dikuçaryny we 1062 taňkyny ýitirendigini habar berdi

1821664
Ukrainanyň Baş Ştaby Russiýanyň goşunynyň çeken harby ýitgisi barada beýannama berdi

Ukrainanyň Baş ştaby Russiýanyň goşunynyň 24-nji fewral-3-nji maý aralygynda çeken harby ýitgileri barada maglumat berdi.

Ukraina garşy söweş başladan Russiýa soňky 24 sagatda ýene-de 400 esgerinden mahrum boldy.  

Berilen maglumatlara laýyklykda Ukraina garşy hüjüm başladan Russiýanyň goşunyndan 24 müň 200 esger öldürildi, ruslara degişli 194 uçar, 155 dikuçar, 1062 taňk, 2 müň 567 sowutly ulag, 475 top, 162 raketa ulgamy we 80 howa goranyş ulgamy hatardan çykaryldy. 

Russiýanyň goşuny şeýle hem 1843 ulagyny, 10 gämi we ýokary tizlikli katerini we 291 uçarmansyz howa ulagyny ýitirdi. 

Russiýanyň Goranmak ministrliginden 25-nji martda berilen beýanatda, Ukrainada 1351 rus esgeriniň ýogalandygy habar berilipdi. 



Degişli Habarlar