BMG-nyň Baş Sekretary Paýtagtymyzda Saparda Mahaly Russiýa Kiýewe Hüjüm Guraldy

"Russiýa bu hüjüm bilen Ukraina, Ýewropa we dünýä garşy bolan tutumyny ýene-de bir gezek görkezdi"

1820265
BMG-nyň Baş Sekretary Paýtagtymyzda Saparda Mahaly Russiýa Kiýewe Hüjüm Guraldy

Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitro Kuleba, BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň Kiýewde saparda bolýan pursatlarynda Russiýanyň şähere raketa hüjümini gurandygyny aýtdy.

Kuleba, Twitterden beren habarnamasynda, “BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň we Bolgariýanyň Premýer-ministri Kiril Petkowyň paýtagtymyza sapar guraýan pursatlarynda, Russiýa Kiýewe raketa hüjümini gurady. Russiýa bu hüjüm bilen Ukraina, Ýewropa we dünýä garşy bolan tutumyny ýene-de bir gezek görkezdi" diýdi



Degişli Habarlar