Ukrainanyň Baş Ştaby Russiýanyň goşunynyň çeken harby ýitgisi barada beýannama berdi

Ukrainanyň Baş ştaby, Russiýanyň goşunynyň takmynan 22 müň 400 esgerini, 185 uçaryny, 155 dikuçaryny we 939 taňkyny ýitirendigini habar berdi

1819039
Ukrainanyň Baş Ştaby Russiýanyň goşunynyň çeken harby ýitgisi barada beýannama berdi

Ukrainanyň Baş ştaby Russiýanyň goşunynyň 24-nji fewral-27-nji aprel aralygynda çeken harby ýitgileri barada maglumat berdi

Ukraina garşy söweş başladan Russiýa soňky 24 sagatda ýene-de 300 esgerinden mahrum boldy.  

Berilen maglumatlara laýyklykda Ukraina garşy hüjüm başladan Russiýanyň goşunyndan 22 müň 400 esger öldürildi, ruslara degişli 185 uçar, 155 dikuçar, 939 taňk, 2 müň 342 sowutly ulag, 421 top, 149 raketa ulgamy we 71 howa goranyş ulgamy hatardan çykaryldy. 

Russiýanyň goşuny şeýle hem 1666 ulagyny, 8 gämi we ýokary tizlikli katerini, 76 ýangyç ulagyny we 207 uçarmansyz howa ulagyny ýitirdi. 


Etiketkalar: #goşun , #Russiýa , #Ukraina

Degişli Habarlar