24-nji Fewraldan Bäri 22 Müň 200 Rus Esgeri Ýogaldy

Russiýa Uly Zarba Urulýar

1818316
24-nji Fewraldan Bäri 22 Müň 200 Rus Esgeri Ýogaldy

Ukraina garşy 24-nji fewralda söweş başladan rus goşunyndan 22 müň 100 esger ýogaldy, 184 uçar, 154 dikuçar we 918 tank hatardan çykaryldy.

Ukrainanyň Baş ştaby, rus goşunynyň fewral aýynyň 24-i bilen aprel aýynyň 26-y aralygynda çeken ýitgisi hakynda beýannama berdi.

Beýannama görä, Ukraina hüjüm eden rus güýçlerinden 22 müň 100 esger öldürildi. Ruslara degişli 184 uçar, 154 dikuçar, 918 tank, 2 müň 308 sowutly ulag, 416 top, 149 raketa ulgamy we 69 howa goranyş ulgamy hatardan çykaryldy.

Rus güýçlerine degişli 1643 harby ulag, 8 gämi, 76 ýangyç ulgamy we 205 uçarmansyz howa ulagy hem hatardan çykaryldy.

Russiýanyň Goranmak ministrligi tarapyndan 25-nji martda berlen beýannamada, Ukrainada 1351 rus esgeriniň ýogalandygy nygtalypdy.



Degişli Habarlar