Russsiýanyň ilçihanasy Eýranyň Russiýa ýarag ugratmandygyny aýtdy

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy söweş başladypdy

1817258
Russsiýanyň ilçihanasy Eýranyň Russiýa ýarag ugratmandygyny aýtdy

Russiýanyň Tähran şäherindäki ilçihanasy Eýranyň Ukraina söweşinde ulanmak maksady bilen Russiýa ýarag ugradandygy baradaky öňe sürmeleriň hakykata bap gelmeýändigini belledi. 

Russiýanyň Tähran şäherindäki ilçihanasynyň sosial media hasaby Twitterden berilen beýanatda, käbir halkara media organlarynda berilen habarlar barada maglumat berildi. 

Beýanatda: "Käbir metbugat organlarynda berilen Eýranyň Russiýa ýarag goldawyny berendigi baradaky habarlar esassyzdyr we hakykata bap gelmeýär" diýip aýan edildi. 

Halkara media organlarynda birnäçe wagt ozal Eýranyň Ukraina söweşinde ulanmak maksady bilen aralarynda Eýran tarapyndan öndürilen Bawar-373 howa goranyş ulgamlary hem bolan ýaraglary Yragyň üsti bilen Russiýa ugradandygy barada habarlar berilipdi. 

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy söweş başladypdy. 



Degişli Habarlar