Russiýa Ukrainanyň Odessa şäherine raketaly hüjüm gurady

Ukrainanyň günortasyndaky, Gara deňiziň kenaryndaky Odessa şäherine guralan raketaly hüjümde 5 adam ýogaldy, 18 adam ýaralandy

1817082
Russiýa Ukrainanyň Odessa şäherine raketaly hüjüm gurady

Ukrainanyň Prezident ofisiniň başlygy Andriý Ýermak, Twitter hasabyndan beren beýanatynda: "Basyp alyjylaryň Odessa guran raketaly hüjüminde biri 3 aýlyk bäbek bolan jemi 5 adam ýogaldy" diýip habar berdi. 

Adam pidalary bilen birlikde şeýle hem 18 adamyň ýaralanandygyny aýdan Ýermak: "Bular häzirki wagta çenli tapylanlar we görkezijini has köp bolmagy ähtimaldyr" diýip belledi. 

Ukrainanyň Baş ştaby, Russiýanyň goşunynyň Ukrainanyň gündogaryndaky Donetks we Lugansk sebitleriniň gözegçiligini doly ýagdýada üpjün etmek üçin operasiýasynyň gerimini giňeldendigini mälim etdi. 

Ukrainanyň Baş ştaby tarapyndan berilen beýanatda, Ukrainanyň goşuny bilen halkynyň rus esgerleriniň hüjümlerine garşy mertlerçe garşylyk görkezmäge dowam edýändigi aýan edildi. 

Beýanatda Russiýanyň goşunynyň Ukrainanyň gündogaryndaky Donetsk we Lugansk sebitleriniň gözegçiligini doly ýagdaýda üpjün etmek üçin operasiýalaryny artdyrmaga synanyşýandygy habar berildi. 

Çaknyşyklaryň artan Donetsk we Herson sebitinde rus goşunynyň Popasnaýa we Rubinoýe ýaşaýyş ýerlerini gözegçiligini ele geçirmäge synanyşýandygy bellenen beýanatda, ruslaryň Sewerodonetsk şäherine garşy hüjüm başlatmaga taýarlanýandygy aýan edildi.  

Beýanatda Ukrainanyň gündogaryndaky Harkow şäheriniň bir böleginiň hem gabaw astyndadygy bellendi. 

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy hüjüm başladypdy. 



Degişli Habarlar