Russiýa-Ukraina Gepleşikleri Saklandy

“Gepleşikler geçirýärdik, emma indi saklandy. Sebäbi 5 gün ozal Ukrainanyň wekiliýetine beren teklibimize jogap bermediler

1816732
Russiýa-Ukraina Gepleşikleri Saklandy

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky hüjümleriň bes edilmegini maksady bilen geçirilýän gepleşikleriň saklanandygyny aýtdy.

Lawrow, Gazagystanyň Daşary işler ministri Muhtar Tileuberdi bilen paýtagt Moskwada bolan duşuşygyndan soň metbugata beren beýannamasynda Ukraina hakynda durup geçdi.

Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky gepleşikleriň depgini gowşak hem bolsa dowam edendigini aýdan Lawrow, “Gepleşikler geçirýärdik, emma indi saklandy. Sebäbi 5 gün ozal Ukrainanyň wekiliýetine beren teklibimize jogap bermediler” diýdi.

Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiýniň Moskwadan hiç hili teklibiň gelmändigi hakyndaky sözlerini ýatladan Lawrow, “Bu jogap “gepleşikler” hökmünde atlandyrlan etabyň ýeten sepgidini görkezýär” diýdi.

Ministr Lawrow, her gün berýän döwlet baştutany we kömekçileri bilen birlikde ukrainaly wekilleriň “gepleşiklere hajat ýok, ykbala boýun egýäris” diýýän beýannamalarynyň özüni geň galdyrýandygyny belledi.

 



Degişli Habarlar