Blinken Bilen Miçotakis Russiýa-Ukraina Söweşi Hakynda Pikir Alyşdy

Blinken bilen Miçotakis telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

1816130
Blinken Bilen Miçotakis Russiýa-Ukraina Söweşi Hakynda Pikir Alyşdy

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen Gresiýanyň Premýer-ministri Kirýakos Miçotakis 24-nji fewraldan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşi, ykdysadyýet we energetika hyzmatdaşlygy hakynda pikir alyşdy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Ned Praýs beren ýazmaça beýannamasynda, Blinken bilen Miçotakisiň telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini nygtady.

Praýs beýannamasynda, “Döwlet sekretary Blinken, Gresiýanyň Russiýa goýan sanksiýalary, goranyş we ynsanperwer kömegi bilen birlikde Ukraina berýän goldawlary üçin Gresiýa sagbolsun aýtdy” diýdi.

Praýs, Blinken bilen Miçotakisiň Russiýa bilen söweşde Ukraina berilýän kömekler hakynda pikir alyşandygyny ýatlatdy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen Gresiýanyň Premýer-ministri Kirýakos Miçotakisiň, Gresiýanyň, Kipriň grek bölegi we Ysraýyl bilen ABŞ-nyň arasyndaky energetika we ykdysady hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi meselesini hem ara alyp maslahatlaşandygy nygtaldy.

 



Degişli Habarlar