Russiýa Ukraina Degişli 12 Harby Pozisiýa Raketalar Bilen Hüjüm Gurady

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň metbugat Sekretary İgor Konaşenkow Ukraina degişli 12 harby pozisiýa ýokary ukyply raketalar bilen hüjüm edendiklerini aýtdy.

1815635
Russiýa Ukraina Degişli 12 Harby Pozisiýa Raketalar Bilen Hüjüm Gurady

Konaşenkow paýtagt Moskwada beren beýannamasynda rus goşunlarynyň Ukrainanyň harby infrastruktura desgalaryna hüjümlerini dowam etdirýändigini mälim etdi.

Düýn, günüň dowamynda uçarlar bilen 73 harby pozisiýanyň urlandygyny aýdan Konaşenkow, şolaryň hatarynda 2 raketa we ýarag ammarynyň bardygyny beýan etdi.

Konaşenkow; “Ukraina degişli 12 harby pozisiýa ýokary ukyply raketalar bilen hüjüm guraldy. Şu günki güne çenli 140 uçar, 106 dik uçar, 498 uçarmansyz howa ulagy, 254 howa goranyş raketa ulgamy, 2,397 tank we sowutly ulag, 261 minemýod, 1038 gaubisa we snarýad bilen 2,244 ýörite harby ulag ýok edildi” diýdi.



Degişli Habarlar