Russiýa Mariupol şäherini basyp alandygyny öňe sürdi

Russiýanyň Goranmak ministrligi Ukrainanyň Mariupol şäherini dolulygyna basyp alandyklaryny öňe sürdi

1815725
Russiýa Mariupol şäherini basyp alandygyny öňe sürdi

Russiýanyň habarlar agentligine görä, Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu, ýurduň Döwlet baştutany Wladimir Putine Ukrainanyň Mariupol şäherini dolulygyna basyp alandyklaryny aýtdy. 

Mariupol şäherindäki soňky ýagdaý barada Putine hasabat beren Sergeý Şoýgu, Russiýanyň harby güýçleriniň şäherde gözegçiligi dolulygyna ele geçirendigini öňe sürdi. 

1478 esgeriň boýun egendigini aýdan Şoýgu, Mariupoldaky Azowstal fabriginde entegem 2 müňden gowrak ukrainaly söweşijiniň bardygyny beýan etdi. 

Şoýgu, Putine Mariupol şäherinden 142 müňden gowrak asuda ilatyň ewakuasiýa edilendigini, Azowstal fabriginiň howpsuz ýagdaýda gabaw astyna alynandygyny, şäherdäki ýagdaýyň asudadygyny belledi. 

Putin bolsa Mariupol şäherindäki üstünlikli operasiýa sebäpli Şoýguny gutlady. 

Wladimir Putin: "Mariupolyň ele salynmagy üstünlik, Azowstaldan çykjak ukrainalylaryň janlarynyň howpsuzlyklary üpjün edilsin" diýdi. 

Mundan başgada Putin Mariupol şäherinde Azowstal fabrigine basyş edilmezligini, ol ýerde ýaraglaryny taşlan ukrainaly harby güýçlere gowy garalmagyny isledi. 

Putiniň desgalara basyş edilmegini däl, eýsem olary gabaw astyna alynmagy barada buýruk berendigi beýan edildi. 



Degişli Habarlar