Kreml: "Biz resminamanyň taslamasyny Ukraina ugratdyk, jogaba garaşýarys" diýdi

Russiýanyň hökümediniň Metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, gepleşikler tapgyrynyň çäginde, Ukraina resminamalaryň taslamasyny ugradandyklaryny we indi bolsa resmi Kiýewiň jogabyna garaşýandyklaryny habar berdi

1815276
Kreml: "Biz resminamanyň taslamasyny Ukraina ugratdyk, jogaba garaşýarys" diýdi

Dmitriý Peskow, paýtagt Moskwa şäherinde metbugat işgärlerine beren beýanatynda, Ukraina tarapynyň gepleşiklerdäki pozisiýasyny dowamly üýtgedýändigini öňe sürdi. 

Şol ýagdaýyň gepleşiklere oňaýsyz täsir ýetirýändigini aýdan Peskow: "Häzirki wagtda çürt-kesik we anyk ugurlary öz düzüminde jemleýän resminamalaryň taslamasyny Ukraina tarapyna ugratdyk. Top olarda, jogaba garaşýarys" diýip belledi. 

Peskow Ukrainanyň jogaby bilen bagly möhlediniň bolup-bolmandygy bilen bagly soraga: "Ukraina tarapyna bagly. Ukraina tarapyndaky hadysalar tama edilşi ýaly däl. Ukrainalylar gepleşikler tapgyryny ýaýbaňlandyrmaga meýilli däl" diýip jogap berdi. 

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy hüjüm başladypdy. 

Taraplaryň wekiliýetleri şol günden bäri gepleşikler geçirýärler. 



Degişli Habarlar