Ukraina: "Russiýa täze hüjümler üçin taýarlyk görýär"

Ukrainanyň Baş ştaby beýanat berdi

1808522
Ukraina: "Russiýa täze hüjümler üçin taýarlyk görýär"

Ukrainanyň Baş ştaby Russiýanyň goşunynyň Donesk we Lugansk sebitleri bilen Mariupol şäherinde doly gözegçiligi ýola goýmak üçin Ukrainanyň gündogarynda hüjüm ediji operasiýalara taýarlyk görýändigini habar berdi. 

Ukrainanyň Baş ştabyndan berilen beýanatda, 6-njy apreldäki maglumatlara görä, 24-nji fewralda Ukraina garşy hüjüm başladan Russiýanyň ýitiren esgerleriniň sanynyň 18 müň 600-e ýetendigi mälim edildi.

Russiýanyň goşunynyň günüň dowamynda 6 aýry ýaşaýyş ýerine guran hüjümleriniň şowsuz bolandygy bellenen beýnatda, ukrainaly esgerleriň Herson welaýatynyň Osakarowka ýaşaýyş zolagynyň gözegçiligini yzyna alandygy aýan edildi. 

Beýanatda Russiýanyň Donesk we Lugansk sebitleri bilen Mariupol şäherinde doly gözegçiligi ýola goýmak üçin Ukrainanyň gündogarynda hüjüm ediji operasiýalara taýarlyk görmäge dowam edýändigi habar berildi. 


Etiketkalar: #Russiýa , #Ukraina

Degişli Habarlar