Rus syýasatçy Wladimir Žirinowskiý aradan çykdy

Russiýanyň Liberal Demokrat partiýasynyň başlygy Wladimir Žirinowskiýniň aradan çykandygy habar berildi

1808358
Rus syýasatçy Wladimir Žirinowskiý aradan çykdy

Russiýanyň parlamentiniň aşakgy ganady bolan Döwlet Dumasynyň başlygy Wýaçeslaw Wolodin, maslahatda beren beýanatynda Wladimir Žirinowskiýniň aradan çykandygyny habar berdi. 

Wolodin: "Ençeme wagt bäri dowam eden keselden soň Wladimir Žirinowskiý aradan çykdy" diýip mälim etdi. 

75 ýaşyndaky Žirinowskiý, koronawirus diagnozy bilen 2-nji fewraldan bäri paýtagt Moskwa şäherinde ýatyrylan hassahanasynda bejergi alýardy. 

Rus syýasatynyň öňbaşçylarynyň biri bolan we Günbatar döwletlerine garşy beýanatlary bilen ünsleri özüne çeken Wladimir Žirinowskiý, Beýik Britaniýany Russiýanyň soňky birnäçe asyryň iň uly duşmany hökmünde häsýetlendiripdi. 

Prezident saýlawynda ençeme gezek dalaşgär bolan Wladimir Žirinowskiý, soňky gezek 2012-nji ýylda geçirilen Prezident saýlawynda bolsa sesleriň 6 göterimini alyp bilipdi. 

Wladimir Žirinowskiý türk, iňlis, fransuz we nemes dillerini bilýärdi. 



Degişli Habarlar