Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý NATO we Russiýa ýüzlendi

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý wideo beýanatynda NATO we Russiýa ýüzlenip çykyş etdi

1802446
Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý NATO we Russiýa ýüzlendi

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, NATO-nyň eýe bolan uçarlarynyň we taňklarynyň diňe 1 göterimini isleýändiklerini we eýýäm 31 gün bäri şol kömege garaşýandyklaryny habar berdi. 

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý wideo beýanatynda NATO we Russiýa ýüzlenip çykyş etdi. 

Ukrainany Russiýa garşy goramak üçin agyr ýaraglar ugratmak babatynda Günbatar döwletlerine çagyryşyny gaýtalap geçen Zelenskiý: "Bu howpsuzlygy üpjün etmegiň gymmady anyk: Ukraina üçin uçarlar, taňklar, howa goranyş ulgamlary" diýip nygtady. 

Zelenskiý NATO-nyň eýe bolan uçarlarynyň we taňklarynyň diňe 1 göterimini isleýändiklerini belläp: "Ondan köp islemeýäris, emma oňa eýýäm 31 gün bäri garaşýarys. Ýewropa-Atlantik jemgyýetine kim ýolbaşçylyk edýär? Gorkuzmak usuly bilen entegem Moskwa ýolbaşçylyk edýärmi ýogsam? Hyzmatdaşlaryň Ukraina goldawlaryny artdyrmaklary gerek. Oňa zerurlyk bar, sebäbi bu Ýewropanyň howpsuzlygy" diýip belledi. 

Polşada Ukrainanyň wekiliýetiniň amerikaly ýokary derejeli resmileri bilen geçiren duşuşygynyň üstünde durup geçen Zelenskiý: "Gepleşikleriň barşynda häzirki wagtda nämelere zerurlygymyzyň bardygyny, uçarlaryň we beýleki goranyş maksatly enjamlaryň nähili gowşuryljakdygy bilen bagly meseleler maslahatlaşyldy. Ukraina rus raketalaryna garşy tüpeň ýa-da köp sanda ugradylan beýleki pulemýotlar ulanyp bilmez. Ýeterlik derejede taňklar we beýleki sowutly ulaglar bolmadan Mariupoly yzyna almak mümkin däl" diýip habar berdi. 

Zelenskiý rus esgerlerine ýüzlenip, wagtlaýyn häsýetde basyp alan şäherlerinde edýän hiç bir zatlarynyň peýda getirmejekdigini beýan etdi. 

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy harby hüjüm başladypdy. 



Degişli Habarlar