Luganskda Russiýa bilen birikmek üçin referendum geçiriler

Putin Ukraina garşy söweşi bolsa, ady agzalan sebitleriň separatist dolanşyklarynyň Russiýadan harby kömek soranlygy sebäpli başladandygyny beýan edipdi

1802603
Luganskda Russiýa bilen birikmek üçin referendum geçiriler

Ukrainanyň gündogarynda Russiýanyň tarapdary bolan separatist toparlaryň gözegçiligindäki Lugansk Halk Respublikasynda, ýakynda wagtda Russiýa bilen birleşmek üçin referendum geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi mälim edildi. 

Russiýanyň 24-nji fewralda Ukraina garşy söweş baştamadan ozal garaşsyzlyklaryny ykrar eden Lugansk Halk Respublikasynyň ýolbaşçysy Leonid Paseçnik: "Ýakyn wagtda respublikanyň territoriýasynyň çäginde halk konstitutsion hukugynyň çäginde, Russiýa Federasiýasyna goşulmak bilen bagly garaýyşlaryny beýan etjek referendumyň geçiriljekdigini pikir edýärin. Munyň boljakdygyna ynanýaryn" diýip belledi. 

Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäherinde 2014-nji ýylda başdan geçirilen wakalardan soň Russiýanyň tarapdary bolan separatist toparlar Donbass sebitinde Donetsk we Lugansk Respublikalary ady bilen dolanşyklar yglan edipdi. 

Russiýanyň Döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putin, 21-nji fewralda Kreml köşgünde geçirilen dabara bilen Donetsk Halk Respublikasynyň we Lugansk Halk Respublikasynyň garaşsyzlyklaryny ykrar edipdi. Geçirilen dabara ady agzalan dolanşyklaryň wekilleri hem gatnaşypdy. Dabarada Russiýa bilen separatist dolanşyklaryň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk ylalaşyklary baglaşylypdy. 

Putin 24-nji fewralda irden bolsa telewideniýe kanalyndan halka ýüzlenip, Ukrainanyň gündogaryndaky Donbass sebitine garşy ýörite harby operasiýany başladandyklaryny beýan edipdi we şeýlelik bilen Russiýanyň Ukraina garşy söweşi başlapdy. 

Putin Ukraina garşy söweşi bolsa, ady agzalan sebitleriň separatist dolanşyklarynyň Russiýadan harby kömek soranlygy sebäpli başladandygyny beýan edipdi.  



Degişli Habarlar