Inçekesel Sebäpli Ýylda 1,5 Million Adam Ýogalýar
Bu barasynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň baş Direktory Dedros Adhanom Gebreýesus maglumat berdi.
24-nci mart Bütindünýä Inçekesel güni mynasybetli çykyş eden Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň baş Direktory Dedros Adhanom Gebreýesus global inçekesel hassalygynyň we adam pidalarynyň artmagyna garşy göreşilmelidigine ünsi çekdi.
Gebreýesus bu hassalygy ortadan aýyrmagyň BSGG-nyň ileri tutýan ugurlaryndan biridigini nygtap; “İnçekesel ýylda 1,5 milliondan gowrak adamy öldürýär we ýene-de millionlarça adama ýaramaz täsir ýetirýär” diýdi.
Koronawirus garşy göreş sebäpli inçekeseliň becergisiniň ünsden düşürilendigini nygtan Gebreýesus; “BSGG-nyň görkezicilerine görä saglyk üpcünçiligindäki bökdençlikler sebäpli ýyllyk inçekesel ýitgileri soňky 10 ýylda ilkinci gezek artdy” diýdi.
Gebreýesus soňky ýyllarda Kowid-19 sebäpli inçekesele garşy göreş üçin bölünip berilýän serişdäniň azaldygyny nygtap, inçekeseli kesgitlemek, becermek we öňüni almak üçin global derecede edilýän çykdacylar 2019-ncy ýylda 5,8 milliard Amerikan dollary bolan bolsa, 2021-nci ýylda 5,3 milliard Amerikan dollaryna düşendigini beýan etdi.
Degişli Habarlar
Russiýanyň Ukraina garşy hüjümleri dowam edýär
Russiýanyň Ukrainanyň Odessa şäherine guran hüjüminde 5 adam ýogaldy, 29 adam ýaralandy