Ukraina rus harby güýçleriniň Herson şäherindäki protestçileri zorluk bilen dargadandygyny belledi

Ukraina rus harby güýçleriniň ýurdyň Herson şäherindäki protestçileri aşa güýç ulanyp dargadandygyny habar berdi

1799914
Ukraina rus harby güýçleriniň Herson şäherindäki protestçileri zorluk bilen dargadandygyny belledi

Ukrainanyň Ýaragly güýçleri tarapyndan berilen maglumata görä Russiýanyň harby güýçleri, Ukrainanyň Herson şäherindäki protestçileri ses bombasy we ýarag sesini ulanyp dargatdy. 

Reuters habarlar agentligi tarapyndan görkezilen wideoda, adamlaryň töwerege od açylmagy sebäpli gaçýandyklaryny görüp bolýar.

Ruslar tarapyndan atylan ses bombalarynyň tüssesi meýdany gaplamak bilen bilen birlikde, güýçli partlama sesleri we ýaraglaryň sesleri eşidilýär.

Herson şäheri Russiýanyň 24-nji fewralda Ukraina garşy hüjüm başlatmagyndan soň Russiýanyň harby güýçleriniň gözegçiligine geçen ilkinji uly şäher boldy. 


Etiketkalar: #Ukraina , #Herson , #Russiýa

Degişli Habarlar