Harkow Şäherinde Rus Hüjümleri Sebäpli 188 Adam Ýogaldy

Ukrainanyň Harkow şäherine rus goşunlary tarapyndan guralan hüjümlerde şu günki güne çenli 5 sanysy çaga 122 sanysy asuda ilatdan, jemi 188 adam ýogaldy.

1790204
Harkow Şäherinde Rus Hüjümleri Sebäpli 188 Adam Ýogaldy
ukrayna.jpg
ukrayna.jpg
ukrayna.jpg

Rus goşunlarynyň güýçli hüjümlerine sezewar bolan Harkow şäheriniň häkimi İgor Terehow şäherdäki esgerleriň rus goşunlaryna garşy güýçli garşylyk görkezendigini, duşman esgerlerini we harby enjamlaryny derbi dagyn edendigini aýtdy.

Terehow sosial media arkaly beren habarnamasynda şäheriň 72 sagadyň dowamynda basybalyjylara tabşyryljakdygy hakynda özüne degişlidigi öňe sürülen beýannamalaryň hakykaty aňlatmaýandygyny nygtady.

Harkowyň şäher häkimliginiň metbugat gullugyndan berilen beýannamada bolsa şu günki güne çenli Harkowa guralan bombardymanda we çaknyşyklarda 5 sanysy çaga 122 sanysy asuda ilatdan, jemi 188 adamyň ýogalandygy habar berildi.

Russiýanyň Goranmak ministrligi Moskwa wagty bilen 10:00-da Mariupoldan we Wolnowahadan asuda ilatyň çykarylmagy üçin hüjümleriň wagtlaýynça bes ediljekdigini habar berdi.

Şol geçelgeleriň Ukraina tarapy bilen ylalaşyga laýyklykda açylandygyna üns çekilýän beýannamada; “Moskwa wagty bilen 10:00-dan başlap Mariupoldan we Wolnowahadan asuda ilatyn çykmagy üçin hüjümler wagtlaýynça bes ediler” diýilýär.

Rus goşunlary tarapyndan gabaw astyna alynan Mariupol şäheriniň häkimi Wadim Boýçenko düýn beren beýannamasynda şäheriň halkynyň 5 günden bäri bombalanýandygyny, halas ediş üçin howpsuzlyk geçelgesiniň açylmalydygyny aýdypdy.

ABŞ-nyň Goranmak ministrliginiň metbugat Sekretary Jon Kirbi Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň ýadro güýçler bilen birlikde strategik güýçlere taýýar etmek hakyndaky görkezmesinden bäri Russiýanyň ýadro güýçleriniň ornaşdyrylmagynda üýtgeşiklik görmändiklerini beýan etdi.

Kirbi; “Russiýanyň strategik ýadro güýçleriniň ornaşmagynda haýsydyr bir üýtgeşiklik görmedik we onuň bilen her gün ýakyndan gyzyklanýarys. Häzirki wagtda şuny aýdasym gelýän ministri Lloýd Astin strategik ýüzöwürdijiligimize ynanýar we öz ýurdumyzyň goranyşy meselesinde arkaýyn” diýdi.

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bolsa Russiýa-Ukraina söweşi sebäpli Ukrainadaky ýadro desgalaryň howpsuzlygyna çuňňur alada bildirip, ýurdunyn BMG-niň Howpsuzlyk geňeşini nobatdan daşary maslahat geçirmäge çagyrandygyny beýan etdi.

Fransiýanyň Prezidentiniň Diwanyndan berilen beýannamada Makronuň rus güýçlerinin ýadro desgalara guralýan hüjümleriň ählisini berk ýazgarýandygy nygtaldy.



Degişli Habarlar