Russiýa tarapyndan Kiýewde guralan hüjümde ulanylan bombanyň wakum bombasydygy öňe sürüldi

Russiýanyň Ukraina garşy başladan hüjümleri eýýäm 5 gün bäri dowam edýär

1787501
Russiýa tarapyndan Kiýewde guralan hüjümde ulanylan bombanyň wakum bombasydygy öňe sürüldi

Russiýanyň Ukraina garşy hüjümleri dowam etmek bilen birlikde, Russiýanyň harby güýçleriniň ýurdyň paýtagty Kiýew şäherinde logistika ammaryny nyşana alyp, hüjüm guramagy netijesinde ilkinji kesgitlemere görä 28 adam ýogaldy. 

Russiýanyň Ukraina garşy başladan hüjümleri eýýäm 5 gün bäri dowam edýär. 

Russiýanyň harby güýçleri Kiýewdäki logistika ammaryna ballistik raketalar bilen hüjüm gurady. 

Adaty zerur bolan zatlaryň goralyp saklanýan we hüjümlerden soň haraba öwrülen ammarda bolan ilkinji partlamada 6 adamyň, jemi bolsa 28 adamyň ýogalandygy mälim edildi. 

Ukrainanyň Döwlet  baştutany Wladimir Zelenskiý, Russiýanyň harby güýçleriniň dowamly häsýetde logistika ýerlerine hüjüm guraýandygyny we uly göwrümli zyýan ýetirýändigini beýan edipdi. 

Beýleki tarapdan Ukrainanyň Waşington şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Oksana Markarowa, Russiýanyň Ukraina garşy hüjümlerinde Ženewa ylalaşygyna laýyklykda ulanylmagy gadagan bolan wakuum bombasynyň ulanylandygyny habar berdi. 

Ak Tamyň metbugat geňeşçisi Jennifer Psaki gündelik metbugat ýygnagynda beren beýanatynda: "Şol habarlary gördük, emma entek ýöne tassyklap bilmedik. Eger dogry bolsa, onda ol harby jenaýat bolar" diýip belledi. 

Wakkum bombasy ýadro bolmaýan, emma öldürmek güýji iň ýokary bolan bomba hökmünde hasaplanýar. 

Russiýanyň goşunynyň Ukrainanyň paýtagty Kiýewe tarap barýan harby ulag kerweniniň emeli hemra materiallary hem gelip gowuşmaga dowam edýär. 

Ozal Russiýanyň harby ulag kerweniniň uzynlygynyň 27 kilometrdigini aýdan merkezi ABŞ-da ýerleşýän "Maxar Technologies" kärhanasy, Kiýewiň golaýyna baryp ýeten Russiýanyň ulag kerweniniň uzynlygynyň 64 kilometrdigini mälim etdi. 

Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky söweş eýýäm 6 gün bäri dowam edýär. Entek şäherleriň biriniň merkezini hem basyp alyp bilmedik we Kiýewi basyp almaga synanyşýan Russiýanyň harby birikmelerine garşy, Ukrainanyň goşunynyň berk garşylyk görkezýändigi aýan edilýär.

Russiýanyň esgerleri 24-nji fewralda Ukraina garşy harby hüjüm başladypdy.



Degişli Habarlar