Hytaý: "Russiýa bilen söwda gatnaşyklarymyzy dowam etdireris" diýdi

Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Wang Wenbin: "Russiýa bilen ikitaraplaýyn hormat, bähbit we deňlik düzgüniniň esasynda söwda gatnaşyklarymyzy dowam etdireris" diýip habar berdi

1787701
Hytaý: "Russiýa bilen söwda gatnaşyklarymyzy dowam etdireris" diýdi

Hytaýyň Daşary işler ministrligi tarapyndan düýn geçirilen metbugat ýygnagynda beýanat beren Wang Wenbine Hytaýyň energiýa bilen birlikde harytlyk bahasy ýokary hilli bolan önümleri satyn almak bilen Russiýa goldaw berip-bermejekdigi bilen bagly soraga Wang Wenbin: "Russiýa bilen ikitaraplaýyn hormat, bähbit we deňlik düzgüniniň esasynda söwda gatnaşyklarymyzy dowam etdireris" diýip jogap berdi. 

Käbir Günbatar döwletleriniň Russiýany SWIFT ulgamyndan çykarmak barada karar kabul etmegine Hytaýyň nähili garaýandygy bilen bagly soraga jogap beren Wang, halkara hukuga esaslanmaýan birtaraplaýyn häsýetdäki sanksiýalara garşydyklaryny beýan etdi. 

Wang, sanksiýalaryň meseläni çözmegiň ýerine täze kynçylyklary ýüze çykarýandygyny, indi ençeme hakykatlar bilen subut edilendigini aýan etdi. 

Wang Wenbin, sanksiýanyň diňe düşünişmezçiligi başyndan geçirýän taraplara däl, eýsem degişli bolan ähli taraplara ykdysady taýdan zyýan ýetirmek bilen çäklenmän, şol bir wagtda syýasy çözgüt tapgyryna hem ýaramaz täsir ýetirýändigini beýan etdi. 


Etiketkalar: #sanksiýa , #Russiýa , #Hytaý

Degişli Habarlar