Ukrainanyň Ankara şäherindäki ilçihanasy Türkiýä çagyryş etdi

Ukrainanyň Ankara şäherindäki ilçihanasy Türkiýä goldaw bermek barada çagyryş etdi

1784200
Ukrainanyň Ankara şäherindäki ilçihanasy Türkiýä çagyryş etdi

Ukrainanyň Ankara şäherindäki ilçihanasynyň sosial media hasabyndan berilen beýanatda: "Russiýa Federasiýasy Ukraina garşy söweş başlatdy. Ukrainanyň parahat şäherlerini bombalaýar. Strategik taýdan hyzmatdaşymyz bolan Türkiýäni we dostlukly türk halkyny, bu kyn wagtda bizi goldamaga çagyrýarys" diýip habar berildi. 

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, Ukrainanyň gündogaryndaky Donbassa garşy harby operasiýa başladandyklaryny beýan etdi. 



Degişli Habarlar