Zelenskiý Jogapkärçiligiň Russiýa Degişlidigini Beýan Etdi

Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiý resmi Moskwanyň separatist dolanşyklary ykrar etmek hakyndaky kararyna reaksiýa bildirdi.

1782567
Zelenskiý Jogapkärçiligiň Russiýa Degişlidigini Beýan Etdi

Zelenskiý; “Kabul edilen kararlar bilen bagly netijeleriň jogapkärçiligi Russiýa degişli” diýdi.

Wladimir Zelenskiý Russiýanyň separatistleriň toslama respublikalaryny ykrar etmek hakyndaky karary boýunça sosial media hasabyndan halka ýüzlenip çykyş etdi.

Russiýanyň soňky hereketleriniň Ukrainanyň özygtyýarlylygynyň we territorial bitewiliginiň basgylandygy manysyny aňladýandygyny aýdan Zelenskiý; “Kabul edilen kararlar bilen bagly netijeleriň ähli jogapkärçiligi Russiýa degişli” diýdi.

Zelenskiý separatistleri ykrar etmegiň bir taraply görnüşde Minsk ylalaşyklaryndan çekilmek we Normandiýa Formatynda kabul edilen kararlara äsgermezlik etmek manysyny aňladýandygyny nygtap, onuň parahatçylyk ugrundaky tagallalara zarba urandygyny beýan etdi.

Kabul edilen we kabul edilmegi ähtimal kararlar bilen Russiýanyň Donbassda 2014-nji ýyldan bäri bar bolan harby güýjüni kanunylaşdyrjakdygyny nygtan Zelenskiý, Normandiýa dörtlüginiň sammitiniň geçirilmegi üçin gyssagly çagyryş berendiklerini aýtdy.

Ukrainanyň lideri hyzmatdaşlaryndan anyk we netijeli başlangyçlara garaşýandyklaryna ünsi çekdi.

Serhetleriň gowy goralýandygyny ýatladan Zelenskiý, öz watanlarynda hiç zatdan gorkmaýandyklaryny aýtdy.

Hiç kime hiç zady borçly bolmandyklaryny beýan eden Wladimir Zelenskiý; “Hiç kime hiç zat bermeris. Sebäbi 2014-nji ýylyň fewraly däl, 2022-nji ýylyň fewraly. Başga ýurt, başga goşun. Ýeke-täk maksat Ukrainada parahatçylyk” diýdi.

Zelenskiý ýurdunyň syýasy-diplomatik çözgüdiň tarapynda durýandygyny hem nygtady.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin düýn agşam “Donesk Halk Respublikasy bilen Lugansk Halk Respublikasynyň garaşsyzlygyny” ykrar etmek hakyndaky kararlara gol çekipdi.



Degişli Habarlar