Dünýä Ýurtlary Putiniň Kararyna Nägilelik Bildirýär

“Russiýa, Ukrainany basyp almak üçin bahana gözleýär”

1782710
Dünýä Ýurtlary Putiniň Kararyna Nägilelik Bildirýär

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň, Ukrainanyň gündogardaky Donesiň we Luganskyň garaşsyzlygyny ykrar etmegine nägilelik bidirilýär.

“Russiýa, Ukrainany basyp almak üçin bahana gözleýär” diýen NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, guramanyň Russiýanyň kararyny ýazgarýandygyny mälim etdi.

ÝB Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Laýen, ÝB Geňeşiniň başlygy Çarles Mişel, Ýewropa Parlamentiniň başlygy Roberta Metsola we ÝB-niň Daşarky gatnaşyklardan we howpsyzlykdan jogapkär ýokary wekili Borrel bilen Russiýanyň Donesk we Lugansk Halk Respublikalaryny ykarar etmegine nägilelik bildirdi.

ÝB-niň ýolbaşçylarynyň bilelikdäki ýüzlenmesinde “Ukrainadaky ekstremist iki sebitiň ykrar edilmegi, halkara hukugynyň, Ukrainanyň territorial bitewiliginiň we Minsk ylalaşygynyň basgylanandygyny görkezýär. ÝB we hyzmatdaşlary karara berk garşylyk görkezýär we Ukraina goldaw berýär” diýildi.

BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş, Russiýa Federassiýasynyň Doneskiň we Luganskyň statuslary hakyndaky kararyna alada bildirýändigini aýtdy.

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden hem Russiýanyň Doneskiň we Luganskyň garaşsyzlygyny ykrar etmeginden soň şol sebitler bilen söwda taýdan gatnaşyk edilmegini gadagan edýän karary tassyklady.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken hem mesele hakyndaky ýazmaça beýannamasynda, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Putiniň Donesk we Lugansk Halk Respublikalaryny ykrar edýän kararyny berk ýazgarýandyklaryny mälim etdi.

Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonson, Germaniýanyň Federal Kansleri Şolz, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Italiýanyň Daşary işler ministri Di Mario we Ýaponiýanyň Premýer-ministri Kişida Fumio hem Putiniň Ukrainanyň gündogaryndaky ekstremistleri resmi taýdan ykrar edýän kararyny berk ýazgarýandyklaryny mälim etdi.

Grusiýa, Slowakiýa, Çeh Respublikasy, Gollandiýa we Irlandiýa hem Russiýanyň Donesk we Lugansk Halk Respublikalaryny ykrar edýän kararyna nägilelik bildirdi.

 

 



Degişli Habarlar