Putin we Baýden sammitde duşuşyk geçirerler

ABŞ-nyň Prezidenti Jo baýden we Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, Ýewropanyň howpsuzlygy we durnuklylygy bilen bagly geçiriljek sammitde özara duşuşyk geçirerler

1782336
Putin we Baýden sammitde duşuşyk geçirerler

Fransiýanyň Prezidentligi Ýeliseý köşgünden berilen ýazmaça beýanatda, Prezident Emmanuel Makronyň, Baýden we Putin bilen telefon arkaly gürrüňdeş bolandygy mälim edildi. 

Makronyň degişli taraplaryň gatnaşmagynda Baýdeniň we Putiniň arasynda Ýewropanyň howpsuzlygy we durnuklylygy bilen bagly sammitiň geçirilmegi üçin teklip orta atandygy habar berilen beýanatda, liderleriň ikisiniň hem teklibi kabul edendigi aýan edildi. 

Beýanatda sammitiň düzüminiň ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen rus kärdeşi Sergeý Lawrowyň arasynda 24-nji fewralda geçiriljek duşuşykda taýarlanjakdygy beýan edildi. 

Bu sammitiň geçirilmegi üçin Russiýanyň Ukrainany basyp almazlyk şertiniň orta atylandygy bellenen beýanatda, Makronyň degişli taraplar bilen sammitiň düzümini taýarlajakdygy habar berildi. 



Degişli Habarlar