Lawrow Bilen Blinken Howpsyzlyk Meselesini Ara Alyp Maslahatlaşdy

“Lawrow, esasan Waşingtonyň we hyzmatdaşlarynyň meçew beriji çykyşlarynyň kabul edilip bilinmejekdigine ünsi çekdi”

1779411
Lawrow Bilen Blinken Howpsyzlyk Meselesini Ara Alyp Maslahatlaşdy

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken howpsyzlyk meselesini ara alyp maslahatlaşdy.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, Lawrow bilen Blinkeniň telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigi nygtaldy.

Beýannamada, Lawrowyň, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň 12-nji fewralda geçiren telefon söhbetdeşliginde ylalaşyk gazanylan, Russiýanyň ABŞ-na we NATO bildiren howpsyzlyk kepillikleri baradaky talabynyň üstünde işleşilmeginiň ähmiýetine ünsi çekendigi ýatladyldy.

Beýannamada, “Lawrow, esasan Waşingtonyň we hyzmatdaşlarynyň meçew beriji çykyşlarynyň kabul edilip bilinmejekdigine ünsi çekdi” diýildi.

 



Degişli Habarlar