ABŞ-nyň Ankaradaky ilçisi Türkiýe bilen bagly beýanat berdi

Fleýk: "Türkiýe bilen ýakyn gatnaşyklarymyzyň peýdasyny görýäris. Ynamymyz güýçlendi" diýip belledi

1779380
ABŞ-nyň Ankaradaky ilçisi Türkiýe bilen bagly beýanat berdi

ABŞ-nyň Ankaradaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Jeffri Fleýk, Türkiýäniň dünýä arenasynda abraýy barha artýan bir aktýor ýagdaýyna gelendigini belläp: "Türkiýe bilen ýakyn gatnaşyklarymyzyň peýdasyny görýäris. Ynamymyz güýçlendi" diýip belledi. 

2022-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda wezipä başlan ABŞ-nyň Ankaradaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Jeffri Fleýk güntertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi. 

Fleýk: "ABŞ we Türkiýe hökmünde edilýän ýakyn gatnaşyklarymyzyň peýdasyny görýäris. Ynamymyz güýçlendi. Türkiýe eýýäm 70 ýyl bäri NATO-nyň möhüm bir agzasydyr. Ikinji iň uly howa güýçlerine eýe, NATO missiýasyna iň köp goşant goşýan 3-nji ýurt. Şol sebäpli bu ugurda ençeme umumy bähbitlerimiz bar" diýip mälim etdi. 

Türkiýe-ABŞ gatnaşyklarynyň diňe howpsuzlykdan ybarat bolmandygyny aýdan Fleýk, ykdysadyýetiň hem iki ýurt taýdan möhüm we özgerýän bir ugurdygyny beýan etdi. 

Sebitleýin hadysalaryň hem üstünde durup geçen Fleýk: "Şübhesiz häzirki wagtda Ukrainada bolşy ýaly, sebitde ýüze çykan howplara garşy, Türkiýe bilen gatnaşyklarymyz has hem wajyplaşýar" diýip nygtady. 

"Türkiýe biz üçin esasy hyzmatdaşlarymyzyň biri we dünýä arenasynda abraýy barha artýan bir aktýor ýagdaýyna geldi. Türkiýe Russiýanyň sebitdäki awantýurizminiň we agressiýasynyň yzyna itilmegi taýdan möhüm bir hyzmatdaşdyr" diýip aýdan ilçi: "Türkiýe geografik ýerleşişi, giňişleýin ygtyýary we daşary syýasaty taýdan hemişe merkezde boldy we esasan hem şu günki gün başymyzdan geçirýän sebitleýin hadysalar göz öňünde tutulanda, Türkiýe tapylgysyz bir hyzmatdaşymyz bolanlygy üçin örän bagtlydyrys" diýip habar berdi. 


Etiketkalar: #Russiýa , #NATO , #ilçi , #ABŞ , #Türkiýe

Degişli Habarlar