Ukrainanyň Prezidenti 16-njy fewraly "Jebislik güni" hökmünde yglan etdi

Zelenskiý, sosial mediadan paýlaşan wideosy bilen ukrainalylara ýüzlendi

1778766
Ukrainanyň Prezidenti 16-njy fewraly "Jebislik güni" hökmünde yglan etdi

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý Russiýanyň Ukraina hüjüm etjekdigi gün hökmünde öňe sürülen 16-njy fewraly "Jebislik güni" hökmünde yglan edip, şol günüň dynç alyş güni boljakdygyny aýan etdi. 

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, sosial mediadan paýlaşan wideosy bilen ukrainalylara ýüzlendi. 

16-njy fewralyň hüjümiň başlajak güni boljakdygynyň öňe sürülendigini aýdan Zelenskiý: "Biz ol güni Jebislik güni hökmünde yglan ederis. Gerek bolan karara gol çekildi. Şol gün milli baýdaklarymyzy asarys, sary-gök lentalarymyzy dakarys we bütin dünýä jebisligimizi görkezeris" diýip habar berdi. 

Ukrainanyň Milli Goranmak we Howpsuzlyk geňeşiniň başlygy Oleksiý Danilow bolsa ertir Russiýanyň Ukraina uly göwrümli hüjüm guramagyna garaşmaýandyklaryny beýan etdi. 

Oleskiý Danilow metbugata beren beýanatynda, territoriýasyndaky hadysalara we howplara göz ýetirýändiklerini mälim etdi. 

Ýagdaýyň dolulygyna gözegçilik astyndadygyny aýdan Danilow, 16-njy ýa-da 17-nji fewralda Russiýa tarapyndan uly göwrümli hüjüme garaşmaýandyklaryny beýan etdi. 

Danilow, emma rus tarapynyň öjükdiriji hereketler amala aşyryp biljekdigine ünsleri çekip, oňa taýarlyklydyklaryny habar berdi. 

ABŞ-nyň mediasy ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň Günbatar ýurtlaryň liderlerine 16-njy fewralda Russiýanyň Ukraina hüjüm edip biljekdigini aýdandygyny öňe sürüpdi. 



Degişli Habarlar