"Russiýa, 20-njy Fewralda Ukraina Hüjüm Edip Biler"

Jeýk Salliwan Ak Tamda metbugata beren beýannamasynda, Ukraina krizisinde ýetilen sepgit hakynda maglumat berdi.

1777350
"Russiýa, 20-njy Fewralda Ukraina Hüjüm Edip Biler"

 

Ak Tamyň Milli howpsyzlyk boýunça kömekçisi Jeýk Salliwan, Russiýanyň, Hytaýda geçirilýän Gyşky olimpia oýunlary dowam edýärkä, 20-njy fewralda Ukraina hüjüm edip biljekdigini aýtdy.

Jeýk Salliwan Ak Tamda metbugata beren beýannamasynda, Ukraina krizisinde ýetilen sepgit hakynda maglumat berdi.

Salliwan, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň Ukraina hüjüm etmek meselesindäki anyk karary hakynda garaýyş beýan edip bilmejekdiklerini emma hüjümiň gysga wagtda başlajakdygy barada güýçli maglumatyň gelip gowşandygyny ýatlatdy.

Salliwan, ruslaryň ilki Ukraina howa we raketa hüjümini guramagyna soň bolsa gury ýer operasiýany başlatmagyna garaşýandyklaryny nygtady.

Jeýk Salliwan, ruslaryň garaşylmadyk hüjüm bilen Ukrainanyň paýtagty Kiýewi ele geçirmek isläp biljekdiklerini öňe sürdi.

Russiýanyň Ukraina gysga wagtda hüjüm edip biljekdigini ýatladan Salliwani Ukrainadaky amerikalylaryň gyssagly ýurdy terk etmelidigini we hüjümden soň göçürilşik işleriniň kynboljakdygyny belledi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken hem Russiýanyň Ukraina gysga wagtda hüjüm edip biljekdigini aýdypdy.

ABŞ, Russiýa-Ukraina dartgynlygynyň möwjemegi sebäpli Ýewropadan jogapkär 6-njy flody degişli zolaga 4 harby gämi ugradýar.

ABŞ-nyň Deňiz güýçlerinden berlen beýannamada “ABŞ-nyň deňiz flodynyň harby gämileri USS Sulliwans (DDG 68), USS Gonzalez (DDG 66), USS Donald Cook (DDG 75) we USS Mitscher (DDG 57) gämileri Ýewropa operasiýa zolagynda iş alyp barar”diýildi.

Beýleki tarapdan Britaniýa, Ysraýyl we Günorta Koreýa raýatlaryna Ukraina syýahat etmezlikleri we şol ýurtdaky raýatlaryndan hem gysga wagtda ýurdy terk etmeklerini talap etdi.

ÝB hem Ukrainadaky diplomatlarynyň esasy böleginiň ýurdy terk etmeklerini isledi.



Degişli Habarlar